Maksadymyz

Alyjylaryň islegini hemmetaraplaýyn kanagatlandyrmak.

Düzümi

Arassa ak we ýüpek pagta, şeýle hem garyşyk düzümde (20%-PE, 80%-pagta).

Müşderiler

Müşderilerimize ýokary dereje hyzmat bereris.

Marynyň "Ýeňiş" tikin fabrigi

Biz öz öňümizde “alyjylaryň islendik islegini kanagatlandyrmaly” diýen möhüm meseläni goýýarys.

Marynyň "Ýeňiş" tikin fabriginiň esasy önümçiligi erkek adamlaryň we çagalaryň köýneklerini tikmek bilen, içerki bazarlarymyzda indi birnäçe ýyllar bäri öndürilýän önümleriň oňat hilliligi bilen öňdebaryjylaryň hatarynda tanalyp gelýär.

Biziň esasy maksadymyz-alyjylaryň islegini hemme taraplaýyn kanagatlandyrmak bolup durýar. Bu bolsa ýokary hil, döwrebap önümler, köýnegiň jana ýakymlylygy, rahatlygy. Biziň kärhanamyz köýnekleriň görnüşlerini elmydama täzeläp durýär. Köýnek öndürmek üçin çig malyň düzümi esasy orun tutýar.

Bizde tikilýän köýnekleriň çig malynyň düzümi arassa ak pagta, ýüpek pagta, şeýle hem garyşyk düzümde (80%-pagta, 20%-polýester). Ýene-de biziň üns berýän zadymyz - bu köýnekleriň bahalarynyň elýeterli bolmagydyr.

Hormatly Alyjy! Internet üsti bilen islendik görnüşdäki we ölçegdäki köýnekleri buýrup alyp bilersiňiz.

Biziň önümlerimiz

Ýokary hilli önümlerimiziň gallereýasy

Täzelikler

Biz barada habarlar

Fabrigimizde öndürilýän ýokary hilli önümlere bolan isleg barha artýar

Fabrigimizde öndürilýän ýokary hilli önümlere bolan isleg barha artýar

Ilatyň arasynda fabrigimizde öndürilýän ýokary hilli önümlere bolan isleg barha artýar. Bu bolsa ýerlerdäki söwda dükanlarymyzyň sanyny artdyrmak zerurlygyny ýüze çykarýar.

...Giňişleýin

«Ýeňiş» tikin fabrigi döwrebap köýnekleri hödürleýär

«Ýeňiş» tikin fabrigi döwrebap köýnekleri hödürleýär

1992-nji ýyldan bäri üstünlikli işläp gelýän Marynyň «Ýeňiş» tikin fabrigi erkek kişiler we çagalar üçin köýnekleriň önümçiligi bilen meşgullanýar. Bu ýerde her ýylda döwrebap, ýokary hilli, milli we döwrebap dizaýn bilen bezelen köýnekleriň birnäçe görnüşleri öndürilýär.

...Giňişleýin

Biz bilen habarlaşyň