Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda ýerleşýän pagta egriji fabriginde şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda daşary ýurtly alyjylara alty million manatlykdan gowrak ýokary hilli ýüplük ugradyldy. Harydy alýanlaryň arasynda Türkiýäniň we Russiýanyň kompaniýalry bar. Kärhana öndürilýän önümiň segsen göterimine golaýyny eksport edip, dünýä dokma bazaryny üstünlikli özleşdirýärler.

Daşoguz welaýatynda birnäçe ýyl mundan ozal ulanylmaga berlen we Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalrynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhana ýylda 6 müň 700 tonna pagta süýümini gaýtadan işläp, Open End belgili islegli nah ýüplük öndürmäge niýetlenendir. Bu ýerde gurnalan döwrebap egirme we lenta görnüşli, daraýjy we beýleki enjamlar ýokary öndürijiligi we amatly energiýa sarp edişi bilen tapawutlanýarlar.

Orta süýümli pagta ýetişdirmäge ýörüteleşdirilen Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa taýýar önümi gaýtadan işlemek senagat pudagynyň esasy ugurlarynyň biridir. Döwlet tarapyndan goýberilýän maýa goýumlarynyň netijesinde soňky ýyllarda bu ýerde pagtany gaýtadan işleýän täze önümçilikler guruldy we bar bolanlary döwrebaplaşdyryldy. Bu ulgamdaky täze desgalaryň biri-de--Daşoguzda 2010-njy ýylda işe girizilen we ýylda 16,6 müň tonnadan gowrak pagta süýümini gaýtadan işlemäge we 14,5 müň tonna dünýä bazarlarynda islegli Ring belgili ýokary hilli ýüplük öndürmäge ukyply pagta egriji fabrikdir.

Şeýle hem sebitde pnewmomehaniki usulda ýüplük egirmäge ýörüteleşdirilen “Serdar’ fabrigi hereket edýär. Ýakyn ýyllarda sebitde ýene bir döwrebap pagta egriji kärhana peýda bolar, ol içerki we daşarky bazarlarda bu senagat önüminiň öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik berer.