Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde köp şahaly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda milli Liderimiziň başyny başlan iri möçberli taslamalary, şol sanda hereket edýän we gurulýan täze awtomobil hem-de demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, raýat awiasiýasynyň, gämi gatnawynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek we giňeltmek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ulgamda halkara üstaşyr-ulag geçelgeleriniň kemala getirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ugurlary geçen geografik taýdan amatly ýerleşýändigini nazara alanyňda Türkmenistan dünýäniň aragatnaşyk giňişliginiň möhüm halkasydyr. Täze taryhy eýýamda bolsa yklymara ýollaryň çatrygynda ýerleşen ýurt hökmünde onuň ähmiýeti has-da artdy. Soňky ýyllarda halkara ulag gatnawynyň pugtalandyrylmagyndan daşary, demir we awtomobil ýollarynyň milli ulgamynyň düýpli giňeldilmegi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň okgunly ösdürilmegine kuwwatly badalga berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda içerki hem-de dünýä bazarlaryna harytlaryň çalt we netijeli iberilmegine mümkinçilik berýän ýokary guramaçylykly ulag ulgamynyň bolmagy bazar ykdysadyýetiniň ösdürilmeginiň, önümçilik-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagynyň esasy şertleriniň biridir. Mundan başga-da, ilatyň ulag hyzmatlaryna bolan islegleri hem artýar.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, ýurdumyzda 2018-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda, tutuşlygyna alanyňda, 257,3 million tonna ýük daşaldy, munuň özi 2017-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 1,2 göterim ýokarydyr. Ýolagçylary gatnatmagyň möçberi 1,1 göterim ösüş bilen 509,1 million adama ýetdi. Ýük daşalyşy 6,6 göterim, ýolagçy gatnatmak bolsa 3,1 göterim artdy.

Pudak bölünişiginde awtomobil ulagynyň ähmiýeti barha artýar. 2018-nji ýylyň birinji ýarym ýylynda umumy ýük dolanyşygynyň möçberinde (turba geçirijileri hasaba almazdan) awtomobil ulagynyň paýy 51,3 göterim, ýolagçy dolanyşygynyňky 83,3 göterimden ybarat boldy. Awtomobil ulaglary ministrliginiň kärhanalarynyň ýerine ýetiren ulag hyzmatlarynyň möçberi bu döwürde 22,7 göterim artdy.