Türkmenistanyň günbataryndaky Altyguýy nebit ýatagyndaky 34-nji gözleg-agtaryş skwažinasy özleşdirilende nebit akymy alyndy. “Türkmennebit” Döwlet konserniniň Körpeje burawlaýyş müdirliginiň hünärmenleri 4100 çuňlugy geçdiler. 4060 metr çuňlukda açylan nebitli gatlak suwuk uglewodorodyň uly akymyny üpjün etdi.

“Türkmennebit” Döwlet konserniniň edaralary 2010-njy ýyldan bäri Altyguýy ýatagynda iş alyp barýarlar. Hünärmenleriň çaklamasyna görä, ol Türkmenistanyň günorta-günbataryndaky geljegi uly nebitli meýdançalaryň biridir. Häzir bu ýerde senagat nebit çig mal akymyny üpjün edýän skwažinalaryň birnäçesi işledilýär, gözleg-agtaryş işleri dowam edýär.

Geljegi uly ýataklary öwrenen “Türkmennebit” Döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” institutynyň işgärleri Gumdag bilen Bugdaýlynyň arasyndaky Altyguýy ýatagynyň meýdançasynyň ozal çaklanylandakydan has uludygyny we aşaky gyzyl reňkli gatlakda güýçli nebitli gatlaklaryň bardygyny çak etdiler. Burawlaýjylar gözleg-agatryş skwažinasyny çaklanylan çäge çenli burawlap we önümli gatlagy açyp, alymlaryň bu sebitdäki nebit-gazly ýatagyň güýçli düzüminiň bardygy baradaky çaklamasyny tassykladylar.