Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýerleşýän “Dana Dünýä” hususy kärhanasy gaýtadan işlenilýän çig maldan gurluşyk serişdeleriniň önümçilgini artdyrýar. Telekeçiler taşlanan plastikden, awtoulag şinalaryndan we beýleki zatlardan gurluşykda ulanylýan önümleriň birnäçe görnüşiniň: kompozit ýanýoda plitkalarynyň iki görnüşiniň, polimer-çägeden gurluşyk bloklarynyň, binalaryň daşyna goýulýan plitkalaryň we üçeklik serişdeleriniň önümçiligini özleşdirdiler. Mundan başga-da, kärhanada taşlanylan awtoulag şinalaryny gaýtadan işlemekden alynýan owradylan rezinden gyzgyn basyş arkaly çagalar oýun we sport meýdançalarynyň örtügini taýýarlaýarlar.

Çäge, tutuşdyryjy polimer, reňk berijiler we önümiň hilini gowulandyryjy suwuklyk ýanýoda plitkalaryny hem-de gurluşyk bloklaryny öndürmekde ualnylýan serişdelrdir. Ýokary basyşda eýlenen şeýle serişdäniň ulanylyş möhleti ýüz ýyldan-da geçýär. Ýokary ulanylyş sypatlary bolan berkligi, sürtülmä we döwülmäge, howanyň dürli derejede üýtgemegine we güýçli himiki reagentlere aşa durnuklylygy ýurduň gurluşyk bazarynda ony has islegli haryda öwürdi. Gaýtadan işlenilen çig maldan ýasalýan gurluşyk bloklarynyň ýene bir aýratynlygy—olaryň sement ergini ulanylmazdan ýörüte ildirgiç arkaly seplenilýänligidir. Şeýle bloklary göteriji konstruksiýalarda-da ulansa bolýar.

“Dana Dünýä” HK-nyň öndürýän ýanýoda plitkalarynyň onlarça tonnasy goňşy ýurtlara ugradylýar. Telekeçiler şeýle hem üçeklik serişdäniň – termoplastikkompozit çerepisanyň önümçiligini özleşdirdiler. Onuň önümçilik tehnologiýasy eredilen polimeri we guradylan çägeni birleşdirmekden ybaratdyr. Onuň düzüminiň takyk saýlanylmagy üçegiň hiliniň ýokary bolmagynyň kepilidir. Gurluşyk bazarynda ýeňil, oňaýly, gelşikli we arzan polimer-çäge çerepisa isleg uludyr. Bu ýerde polimer-çäge garyndysyndan binalaryň daşky bezeginde ulanylýan plitkalaryň öndürilişi-de özleşdirildi. Mundan başga-da, kärhana howply ýerlerde awtoulaglaryň tizligini peselder ýaly päsgelçilik “tümmejikleri” öndürmek üçin enjama sargyt berdi.

Telekeçiler Türkmenistanda we Ýewraziýa ýurtlarynyň patent bileleşiginde patentleşdirilen öz işläp taýýarlan kompozit-polimer materialyndan şpal we rels düşeklerini öndürmegi göz öňünde tutýarlar.