Aşgabadyň dokma toplumynyň düzümine girýän Abadanyň pagta egriji fabriginde bir ýarym müň tonnadan gowrak regenerirlenen süýüm öndürildi. Bir ýyldan gowrak mundan ozal, bu ýerde pudagyň egirme we dokma önümçilik kärhanalarynyň galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça bölüm ulanmaga tabşyryldy. Bölümde dokma galyndylarynyň ýylda 5000 tonnasyna çenlisini gaýtadan işläp bilýän “Balkan” (Türkiýe) kompaniýasynyň enjamy oturdyldy.

Ýokary tehnologiki enjam dokma galyndylaryny düşekçeler, ýassyklar ýa-da dokalmadyk serişdeler öndürilinde ulanylýan önümlere öwürmäge mümükinçilik berýär. Häzirki zamanyň ykdysady şertlerinde dokma senagatynda öndürijileriň köpüsi, hususan-da, ýorgan-düşekdir ýassyk öndürijiler tikinçilik galyndylarynyň ýörite enjamlarynda gaýtadan işlenilmeginde (süýümlerden aýrylanda) alynýan regenerirlenen süýümi ulanyp başladylar. Abadan fabriginde öndürilýän regenerirlenen süýümiň köp bölegi daşary ýurtlara ugradylýar. Bu önüm Türkiýäniň, Russiýa Federasiýasynyň we beýleki ýurtlaryň kärhanalarynda uly islegden peýdalanýar.