15 ― 18-nji fewral aralygynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Türkmenistanyň dokma önümleriniň, şol sanda türkmen halylarynyň, milli lybaslaryň sergisi geçiriler. «Trend» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu sergi iki ýurduň ― Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda medeni gatnaşyklaryň we söwdanyň has-da ösdürilmegine ýardam berer.

Sergide türkmen halylary bilen birlikde arassa pagtadan we ýüpekden taýýarlanan dokma önümleri hem görkeziler.

«Trendiň» habaryna görä, Bakuwda Türkmeniň ak öýi binasy hem dikiler. Serginiň şol binanyň içinde geçirmek meýilleşdirilýär.