26-njy ýanwarda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Ol çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatynyň we Geňeşlikleriň agzalarynyň saýlawlarynyň taýýarlyk meselelerine bagyşlandy.

Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary hem-de onuň diwanynyň işgärleri, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, syýasy partiýalardan, jemgyýetçilik guramalaryndan, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden ybarat milli synçylar gatnaşdylar.

Onuň gün tertibine öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäräni geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Hususan-da, ozal çykyp giden Parlamentiň deputatlarynyň, ýerli halk häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalarynyň saýlawlaryny 2019-njy ýylyň 31-nji martynda, ýekşenbe güni geçirmek meýilleşdirildi.