27-nji ýanwarda Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni we Milli goşunyň döredilmeginiň 27 ýyllygy giňden dabaralandyryldy.

Şol gün Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň has tapawutlanan harby gullukçylara, serkerdelere hem-de beýleki işgärlerine döwlet sylaglaryny we paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän oňaýly ýaşaýyş öýleriniň açarlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň gullukçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin olaryň 500-den gowragy ýokary amatlykly öýlere göçüp barar.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 26-njy ýanwarda geçirilen maslahatlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan beýik maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere bagyşlandy.