Kuwwatly önümçilik infrastrukturasy we çig mal binýady bolan Türkmenistanyň dokma toplumy ýurduň ykdysadyýetinde öňdäki orunlarynyň birini eýeleýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda ýokary tehnologiýaly täze kärhanalaryň gurluşygyna köp möçberde maýa goýumlarynyň goýulmagy netijesinde pudagyň eksport mümkinçiligi artdy.

Ýewropanyň özgerdiş we ösüş banky, Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy banky, «Mitsubishi Corporation» «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalary ýaly dünýä belli daşary ýurt kompaniýalary hem-de iri maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlyk ýokary hilli we dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleri çykarmaga ýardam edýär.

Ýurtda dowam edýän dokma kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak işleri “Türkemnistanda öndürildi” belgili ýokary hilli önümleriň görnüşlerini we möçberini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berer. Paýtagtymyzdaky Aşgabt dokma toplumy, Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumy, Jinsi toplumy, şeýle hem Ruhabadyň we Gökdepäniň dokma toplumlary bu işiň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Bu kärhanalarda öndürilýän önümler ýokary hili, görnüşiniň köpdürliligi, elýeter bahasy bilen içerki hem-de daşarky bazarlarda islegli haryttlardyr.

Meselem,Türkmenbaşy adyndaky jinsi toplumynda oturdylan Germaniýanyň «Monforts» kompaniýasynyň innowasion enjamy dünýäde islegli jinsi matasyny we ondan tikilýän modaly önümleri öndürmäge mümkinçilik berdi. Ruhabadyň dokma toplumynda hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek boýunça uly möçberli işler alnyp barylýar. Kärhanada bir ülňüli lybas tikmek üçin garyşyk matalary, laýkraly gabardin we jalbarlar üçin kanwas, şeýle hem sport eşikleri üçin matalary öndürmek ýola goýuldy. Ruhabadyň kärhanasynda çykarylýan ştapel mata-da isleg uludyr.

Bölekleýin döwrebaplaşdyrmagyň barşynda Tejeniň pagta egriji fabriginde Şweýsariýanyň «Rieter» kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli egirme enjamy oturdyldy. Bu bolsa öndürilýän önümiň hilini gowulandyrmaga we möçberini artdyrmaga mümkinçilik berdi. Harytlary eksporta gönükdirmek maksatnamasynyň çäklerinde Kakanyň “Serdar” pagta egriji fabriginde kuwwatlylygy ýylda 1300 tonna tow berlen nah ýüplük öndürmek boýunça seh işe girizildi. Täze önümçilik Şweýsariýanyň «SSM» kompaniýasynyň we Germaniýanyň «Saurer» kompaniýasynyň enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Aşgabadyň dokma toplumynda pudagyň kärhanalarynyň egirme, dokma we tikinçilik önümçilikleriniň galyndylaryndan täzeden süýüm almak boýunça seh işe girizildi. Bu ýerde oturdylan Türkiýäniň «Balkan» kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli enjamynda her ýyl dokma önümçiliginiň birnäçe müň tonna galyndylaryny gaýtadan işlemek bolar. Geçen ýylky täzeden dikeldilen süýümiň aglaba bölegi daşary ýurtly sarp edijilre ugradyldy.

Aşgabadyň nah –mata kombinatynda alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýan ýylda 2,5 million jübüt erkek, zenan we çaga jorap önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Kärhanada Italiýanyň «Lonati» kompaniýasynyň ýokary tehnologiýaly enjamy bilen üpjün edilen täze seh işleýär.

Sakarçägäniň we Türkmengalanyň pagta egriji fabriklerinde 2016-njy ýylda tehnologik enjamlar bölekleýin döwrebaplaşdyryldy. Möwrüti geçen könelen enjam Germaniýanyň belli «Trützschler» we «Schlafhorst» kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli egriji enjamlary bilen çalşyryldy. Şu ýyl we indiki ýyl şu fabriklerde, şeýle hem Tagtabazaryň pagta egriji fabriginde, Daşoguzyň “Serdar” fabriginde, Aşgabadyň medisina pamygyny we kosmetiki pamyk serişdelerini öndürýän fabriginde tehnologik enjamlary bölekleýin çalyşmak göz öňünde tutulýar, bu bolsa çykarylýan önümleriň hilini ýokarlandyrmaga we kärhanalaryň eksport mümkinçiligini artdyrmaga mümkiinçilik berer.

Baýramalynyň dokma toplumynda bölekleýin döwrebaplaşdyrmak işleri dowam etdirilýär, onuň dowamynda taýýarlanylan dokma önümçiligi sehinde Germaniýanyň belli «Karl Mayer» firmasynyň enjamy oturdylar. Dokma sehine Italiýanyň «Itema» firmasynyň stanoklary getiriler. Önümiň täze görnüşini çykarmak üçin «Stäubli» žakkard enjamlaryny oturtmak göz öňünde tutulýar. Bularyň ählisi kärhana eksportuň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Şu ýyl dokma senagaty pudagynda matalaryň we taýýar önümleriň täze görnüşleriniň öndürilişini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Trikotaž önümleriniň, şeýle hem çagalar we ulular üçin ýokarky eşikleriň görnüşleri artdyrylar. Möwsümleýin eşikleri taýýarlamak üçin garyşyk matalaryň islegli reňkli täze görnüşleri ulanylar.